Ýaşlar-Watanyň aýdyñ geljegi

28.10.2024

“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda watanymyzyñ geljegi bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine uly üns berilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir.
Onuň çäginde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döredijilik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli düzümleýin taslamalar, talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag merkezi, kämilligiň binýady bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller bilen yzygiderli duşuşyp, olaryň geljekki ykbaly bilen gyzyklanmagy, arzuw-isleglerini diňläp, gymmatly öwüt-nesihatlaryny bermegi röwşen geljegimiziň ösüşlere beslenmegidir. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Ýaşlara gutlag», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýaly beýik eserleri, bagtyýar türkmen ýaşlary bilen geçirýän duşuşyklarynda, okuw sapaklarynda berýän öwüt-nesihatlary, taryhy çykyşlary bize rowaç menzillere ýetmekde iň kämil, iň nurana ýollary salgy berýär.
Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many- mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.

Ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlaryny üstünlikli amala aşyrmakda, biz hem öz gezegimizde halypaçylyk sagatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara sowgat beren “Ýaşlar -Watanyň daýanjy” kitabyndan ugur alyp okarys, dörederis, jan aýaman zähmet çekeris!
Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalary, guwanjy we buýsanjy döretmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenilýär. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesli terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, tebigata, daşky gurşawa aýawlylyk, jogapkärçilik ýaşlarda irki döwürlerden kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan päk terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň hem-de doly derejede, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär.

Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze başlangyçlary biz ýaşlary beýik maksatlara, zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Watan mukaddesligi üçin berjaý edilýän işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri biz ýaşlaryň durmuşyna aýratyn röwüş çaýýar.
Biz — bagtyýar ýaşlar şu ajaýyp, eşretli zamanada ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Eziz Watanymyzyň daýanjy hem buýsanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirip, ýeňişlere atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Mähriban TIRKIŞOWA
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:35 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 13°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1025 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Taryhyň şöhratly sahypalary

Next Story

Milli manadymyz-ýurdumyzyñ üstünlikli ösüşiniñ nyşany

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop