Milli manadymyz-ýurdumyzyñ üstünlikli ösüşiniñ nyşany

28.10.2024

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ parasatly ýolbaşçylygynda batly gadamlar bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär.

Türkmenistanda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi pul dolanyşygynyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Çünki bu hereketlendiriji maliýe guraly, bank ulgamynyň işiniň ýokarlanmagyna we tutuş ykdysadyýetiň üstünlikli ösmegine netijeli ýardam berdi. Türkmen manady ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemez nyşanyna öwrüldi. Milli manadyň durnuklylygy we onuň goraglylygy halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň pul kepilidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyz «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Milli VISA», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «Master Card» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «QR-kod» ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar. Şeýle görnüşli sanly bank hyzmatlary müşderileriň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy » diýen şygar astynda geçýän şu ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilenine 31 ýyl dolýar. Geçilen 31 ýyllyk taryhy ýol bolsa, maliýe, ykdysady we bank ulgamynda ýetilen ajaýyp sepgitlere — gazanylan beýik ösüşlere hem-de amala aşyrylan ajaýyp özgertmelere baý boldy. Bu ugurda 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Netijede, nominallary 1, 5, 10, 20, 50, 100 manat bolan banknotlar hem-de hümmeti 1, 2, 5, 10, 20 we 50 teňňä deň bolan şaýy pullar dolanyşyga goýberildi. Köp wagt geçmän, has takygy, 2012-nji ýylda nominallary 1, 5, 10 we 20 manat bolan, 2014-nji ýylda nominallary 1, 50 we 100 manat bolan modifisirlenen banknotlar dolanyşyga girizildi. Şol sanda taryhy waka — 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan nominallary 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manat bolan modifisirlenen banknotlaryň dolanyşyga goýberilendigi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan pul-karz syýasaty netijesinde ajaýyp ösüşler gazanylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandyrylyp, bank ulgamynda geçirilýän özgertmeler esasynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeldilýär we olaryň täze görnüşleri önümçilige ornaşdyrylýar. «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» ýaly hyzmatlar nagt däl hasaplaşyklaryň häzirki zaman görnüşleri bolup durýar. Munuň özi milli manadymyzyň 31 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanda döwrebap pul-karz syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, halkyň hal-ýagdaýynyň günsaýyn gowulanmagy ugrunda edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Yslamberdi TÄÇNAZAROW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:32 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 13°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1025 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ýaşlar-Watanyň aýdyñ geljegi

Next Story

Energetika ulgamy – ösüşiñ täze belentliklerinde

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop