Energetika ulgamy – ösüşiñ täze belentliklerinde

28.10.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, elektroenergetika pudagy hem ýokary depginde ösdürilýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary, täze elektrik geçirijiler gurulýar, öndüriji kuwwatlyklar ep-esli artdyrylyp, olaryň durky täzelenilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Bu iri desga ýurdumyzda kuwwaty boýunça ikinji elektrik stansiýasy bolar. Ol senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder.

Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesi öňde goýlup, bu ugurda netijeli işler alnyp baryldy. Bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda guruldy. Taslamanyň Mary — Ahal bölegi bolsa 2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taslamanyň üçünji tapgyrynyň — Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berildi. Şeýle-de bu tapgyryň çäklerinde her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri guruldy.

Energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly Diýarymyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün eder. Şonuň netijesinde, energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini, elektrik geçiriji ulgamlary sarp edijilere päsgel bermezden bejermek hem-de döwrebaplaşdyrmak mümkin bolar. Geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde öz hünärine yhlasly çemeleşýän ökde hünärmenler kemala gelýär. Biz ýaş energetikler üçin hem Arkadagşäherenergoönümçilik birleşiginde yhlasly zähmet çekmegimiz, halkymyzy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmekde, pudagyñ geljekki ösüşlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilen.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde elektrik beketlerini gurmak, energiýa işläp çykarýan kuwwatlyklary ençeme esse artdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometrini täzelemek we çekmek işleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň binýadynda umumy kuwwatlylygy 6943,2 MWt-a deň bolan döwlet elektrik beketleriniň 12-si, önümçilik elektroulgam birleşikleriniň 7-si, müňlerçe kilometr howa elektrik geçirijileri, ýokary okuw mekdebi, orta hünär okuw mekdebi, elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça gurluşyk-gurnama kärhanalary hereket edýär.

Ýurdumyzy bedew batly ösüşleriň täze menzillerine sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Hojamuhammet AKYÝEW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:38 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 13°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1025 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Milli manadymyz-ýurdumyzyñ üstünlikli ösüşiniñ nyşany

Next Story

Ady dünýä dolan türkmen bedewi

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop