WAGT NÄME?

29.10.2024

Wagt näme? Eger menden hiç kim bu barada soramasa, men onuň nämedigini bilýärin, eger soranlara düşündirmek islesem, onda men wagtyň nämedigini bilemok. Wagt ýaralary bitirýär. Awreliý Awgustin

Wagt hemme gizlin zatlaryň üstüni açýar, anyk zatlary, bolsa gizleýär. Sofokl

Pursadyň eliňdekä, ömrüňi bihuda tutma.

Tygşytly wagtyň duşmany kararsyzlykdyr.

Ýitirilen baýlygy zähmet, unudylan bilimi gaýtadan okamak arkaly dikeldip bolar, emma ýitirilen wagty hiç zat yzyna getirip bilmez. Geljegimiziň kepili şu gündür. Şu gün düýne gider. Düýnüň hiç gelmez. Eger şu günümizi tygşytly ulanyp bilsek, geljegimizden gorkmasak hem bolar.

Wagta häkim bolmak üçin öz pikir we eradalarymyza häkim bolmagy, öz-özümizi dolandyrmagy başarmalydyrys.

Wagty ganymat bil, ötse dolanmaz.

Wagt ýerine goýulmagy, yzyna gaýtarylmagy, satyn alynmagy mümkin bolmadyk bir zatdyr.

Wagt elinden tutup barýan çagaňa meňzeşdir. Ol hemişe yzyna bakmagy halaýar. Hulio Kortasar

Wagtyň çaly geçýändigi meni gaty gynandyrýar. Sebäbi ol geçmişi uzldýar, geljegi gysgaldýar. Haruki Murakami

Wagt barlygyň ýokluga bolan gatnaşygydyr. Fýodor Dostoýewskiý

Bu günki bir sagat ertirki iki sagada deňdir. Tomos Fuller

Iň uly ýitgi wagtyňy ýitirmekdir. Grigoriý Sowiç

Bu dünýädäki baýlyklaryň iň gymmat bahalysy wagtdyr. Seneka

Bihuda geçirilen bir sagadyň öwezini ýyllarboýy hem dolup bilmersiň. Rus nakyly

Wagt her kim üçin bir hili hereket edýär. Uilýam Şekspir

Wagtyň gadyryny bilýän adam iň dana adamdyr. Wiktor Suhorukow

Barlyk wagtsyz oňmaz, wagt hem barlyksyz. Artur Şopengauer

Enejan GUTLYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:29 pm, Nov 6, 2024
temperature icon 9°C
пасмурно
Humidity 61 %
Pressure 1033 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:37 am
Sunset Sunset: 6:02 pm
Öňki taryh

Türkmene mahsus milli gylyk-häsiýetler we olaryň aýratynlyklary

Next Story

DYMMAGY ÖWRENMEGIŇ ZERURLYGY

Soňkylar Makalalar

Özgeriş

05.11.2024
Sanly ykdysadyýet adamyň gündelik harytlary sarp etmeginde we olara zerurlyklary düşündirmekde işler alyp barýar. Edara kärhanalaryň resminamalarynyň sanly ulgama geçmegi nähili ýeňillikleri we oňaýlylyklary

Döwrebap döwüriň ýaňy

04.11.2024
Häzirki döwürde dünýä tehnologiýasynda üstünlikleriň amala aşyrylmagy bolsa, ýurdumyzyň abraýyny artdyrmakda innowasiýalaryň täsirini görkezmäge mümkinçilik döredýär. Ykdysady bababatda hem edilýän işler nusgalykdyr. Türkmenistanda täze

Ýollaryň ýagtysy- Serdar ýoludyr

04.11.2024
Türkmen diýarymyzda her gün baýramçylyklar öz gözelligini hem-de dabarasyny saklap gelýär we noýabr aýynyň başy hem şatlykly, dabaraly günlere , baýramlara beslendi. Çünki sport

Beýik şahyr

04.11.2024
Türkmen edebiýatynyň wekili asyrlar boýy öwrenilse-de häzire çenli poeziýasy jedelli we gyzykly şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz guwanjydyr, buýsanjydyr. Her bir halkyň milli

Garaşsyzlygyň miwesi

04.11.2024
Dünýä edebiýatyna girmek üçin, onuň bir sahypasynda galmak, bir jümlesinde ýer almak hem- de dünýä derejesinde öz eliňdäki senediň wekili hökmünde tanalmak elbetde ol
GitTop