DYMMAGY ÖWRENMEGIŇ ZERURLYGY

29.10.2024

Dilini boş we biderek ýaňramazlyga endik etdiren adamy, dilini many we düşbülik bilen jylawlamagy başarýan adamy güýç-kuwwatyň eýesi hasaplap bolar. Akyldan gapylka aýdylan, gör, näçe söz eýesini heläkçilige uçratdy. Baýlyk-maly, abraý-ady gitdi.

Awraam Linkolnyň bir sözi bar: “Dymyp durmagyňy adamlar akmaklyk hasap etse-de, gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan, ýene-de dymyp duranyň gowudyr”.
Mundan müň ýarym ýyl ozal Omar ibn al-Hattab: “Her bir adam tä gürleýänçä meniň gözüme şeýle bir hormatly, şeýle bir eziz, gürlänsoň, hemme hakykat aýdyň ýüze çykýar. Kimiň-kimdigi belli bolýar” diýipdir.

Gerek ýerinde dymyp saklanmaklyk abraýly we eý görülýän häsiýetleriň biri. Ol göwünlerde, ýüreklerde hormat-sylagy oýarýar.
Taryhy ýazgylara görä, Luis XIV ýaş ýetginjek wagty çeper gürlemekde, jaýdar sözlemekde, birini susdurmakda, dawa-jedelde üstün çykýandygy bilen buýsanar eken. Ýöne tagta çykanyndan soň ol mese-mälim üýtgäpdir. Az gürläp başlapdyr. Dymmaklyk, az gürlemeklik onuň esasy ýaraglarynyň we güýç-kuwwat çeşmeleriniň biri bolupdyr. Şol gürrüňlere görä, hatda onuň wezirleri hökümdar bilen bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin hem ençeme sagatlap aram-karar tapman, hökümdara meseläni nädip aýtmagyň ugruny bilmän zowzuldap ýörer ekenler. Öz aralaryndan iki sany wekili saýlap, şol teklibi Luis XIV hödürlemäge zordan boýun eder ekenler. Ony nähili, haçan hödürlemelidigi hakda uzak wagtlap kelle döwer ekenler. Geňeşden soňra, iki sany adam gorka-gorka bu teklibi hökümdaryň ygtyýaryna berip, ähli ýagdaýyny, taraplaryny jikme-jik beýan edenlerinden soňra, Luisiň dymmak haýbaty bilen baş atmasyndan soňra, ol ýerden dolanar ekenler. Hä-hawada bermez eken.

Birmahalky ýaňra Luis XIV bu häsiýeti bilen hökümdaryň huzuryna gelnende her hereketiňe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini gazanypdyr. Soňra bu hakda eser ýazan San Simon Luis hökümdary şeýle suratlandyrýar: “Her sözüni gyzyla gaplaýmaly edip satýan şeýle adamy hiç kim gören däldir. Onuň ýylgyryşlary hem, nazary-garaýyşlary hem, ondaky her bir edim-gylym, hulk-häsiýet hem şeýle bir gözeldi. Ol üýtgeşik häsiýetli adamdy. Onuň beýikligi az sözlüligi bilen utgaşyp gidipdi”.

Şanur ALLANUROW
Daşoguz welaýatynyň
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:12 am, Nov 22, 2024
temperature icon 6°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

WAGT NÄME?

Next Story

Watan habarlary 29.10.2024

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop