2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaými Bin Ahmad Tadjuddin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.
Şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygyň parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldanylmagynyň iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde bähbitli boljakdygy nygtaldy.