Wepaly dost

06.11.2024

Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biridir. Halk seçgiçiligi esasynda döredilip, uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen türkmen alabaýlary halkymyzyň köňül guwanjydyr. Ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem öz aýdyň beýanyny tapýar.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Synlaýyş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlaryň hersi belli bir nesil ugruna degişlidir. Milli itşynaslygy ösdürmäge gönükdirilen bu bäsleşik alabaýlaryň tohum arassalygynyň saklanylmagyna ýardam berýär.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Akguş atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Aşgabat şäherinden hususy itşynas R.Kerimow. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy. Hususy itşynas gymmat bahaly sowgat we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary halkymyzyň milli buýsanjy bolan alabaýlara döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklady. Edermen türkmen alabaýlary ata-babalarymyzyň wepaly dosty, öý-ojagynyň ygtybarly goragçysy bolup gelipdir. Dünýäniň naýbaşy tohumlarynyň biri hasaplanýan alabaýlar halkymyzyň genji-hazynasydyr, köňül buýsanjydyr we milli mirasydyr.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň milli Lideri gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly gahryman Serdarymyza köp- köp sag bolsun aýdýarys!

Salyh ATAÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:44 pm, Nov 6, 2024
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1033 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:37 am
Sunset Sunset: 6:02 pm
Öňki taryh

Apple Intelligence | Change your tone | MacBook Pro

Next Story

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy Kapadokiýa sebitinde

Soňkylar Makalalar

Il saglygy ýurt baýlygy

06.11.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn strategiýasynyň

Elektroenergetika pudagynyň ösürilmegi

06.11.2024
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ygtybarly energetika ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň belli önüm

Özgeriş

05.11.2024
Sanly ykdysadyýet adamyň gündelik harytlary sarp etmeginde we olara zerurlyklary düşündirmekde işler alyp barýar. Edara kärhanalaryň resminamalarynyň sanly ulgama geçmegi nähili ýeňillikleri we oňaýlylyklary
GitTop

Don't Miss