Dark
Light
25.01.2026
6729e29b07244650569412 THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy Kapadokiýa sebitinde

06.11.2024

Türkiýäniň Kapadokiýa sebitinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi.

Newşehir şäheriniň Söwda-senagat palatalar we biržalar birleşiginiň binasynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk birleşiginiň (EkoAwrasya) bilelikdäki Türkiýäniň işewirleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan we Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri» atly tegelek stol görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Türkiýäniň dünýä meşhur Kapadokiýada sebitinde, beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, türkmen we türk baýdaklary we şahyryň foto görnüşleri bilen bezelen 300 sany howa şarlary asmana uçuryldy.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan howa festiwalynyň ahyrynda, geçirilen uçuş dabarasy «EkoAwrasya» birleşigi tarapyndan dünýäniň görnükli şahsyýetleriniň hormatyna ilkinji gezek howa festiwaly hökmünde hasaba alyndy.

Geçirilen çäreleriň çäklerinde Kapadokiýanyň «Güraý» taryhy muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli surat sergisi geçirildi. Sergä gatnaşyjylar çäräniň dowamynda Türkmenistanyň medeni-taryhy, milliligi we Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli pudaklarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilikleri döretdi.

Newşehir şäherindäki Hajy Bektaş Weli uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri bu ýokary okuw mekdebinde bilem alýan türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildiler, ähli talyplara Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar-watanyň daýanjy» atly türk diline terjime edilen kitaplary sowgat berildi.

Leýla ANNABERDIÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

uexhrjja7vzxfxx77snhiagfxrgmk8exaq7qh8kqshbszg5ieygxrfdkwxqw THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Wepaly dost

energetika THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Elektroenergetika pudagynyň ösürilmegi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop