Dark
Light
25.01.2026
energetika THE ASHGABAT TIMES

Elektroenergetika pudagynyň ösürilmegi

06.11.2024

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ygtybarly energetika ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen, güýjenmesi 220 kilowat «Etrek» elektrik bekediniň gurlup ulanmaga berilmegi hem munuň nobatdaky güwäsidir. Bu elektrik bekediniň gurluşygynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berildi.

Energetika toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynda degişli ugurdaky talaplara doly laýyk gelýän serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.

Soňky ýyllarda pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga şert döredýän ygtybarly energetika kuwwatlyklary döredildi. Bu bolsa türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek we mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň öndürijilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Amangül BATYROWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6729e29b07244650569412 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy Kapadokiýa sebitinde

img 20200419 183003 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Il saglygy ýurt baýlygy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop