Dark
Light
24.01.2026
magtymguly pyragy konullerin sahyry jvosaki7f4 THE ASHGABAT TIMES

Beýik söz ussady-Magtymguly Pyragy

07.11.2024

Berkarar döwletiň täze Galkynyşy döwrüniň baş maksady – türkmen jemgyýetiniň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmakdan, milli ruhy-ahlak gymmatlyklary we däp-dessurlary galkyndyrmakdan, halkyň maddy hal-ýagdaýyny we medeni derejesini ýokarlandyrmakdan, şeýle hem döwletiň abraýyny we onuň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Garaşsyz döwlet gurmak, berkarar döwletde asuda asmanyň astynda bir serdaryň daşynda berk jebişleşip, milli bitewilik, watançylyk, ynsanperwerlik, agzybir, erkana ýaşamak, ene topragyňy gülletmek bilen baglanyşykly maksat-niýetler türkmen halkynyň milli, gaýtalanmajak, özboluşly, hemmelere düşnükli, şol bir wagtda-da umumadamzat ähmiýetli sadaja filosofiýasyndan gelip çykýar. Ine, halkyň ruhy süňňünden sap kümüş ýaly syzylyp çykan şeýle jöwher pikirler Beýik Magtymguly Pyragynyň baş filosofiýasynyň binýadyny, özenini düzýär.

Magtymguly Pyragy, watançy şahyr hökmünde öz döwrüniň iň möhüm meselesi bolan, türkmen taýpalaryny bitewi güýje öwürmek, özbaşdak döwlet gurmak baradaky asyrlar boýy arzuw edilip gelnen halkyň ruhy gymmatlyklaryny öwüt-ündew edýär.

Beýik akyldar döwleti dolandyrmakda, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli düýpli başlangyçlarda ilkinji nobatda “bir jaýa ýörüş kylýan” ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşmagyň, olara sala salmagyň zerurlygyny, şeýle geňeşleriň ýzy-giderli geçirilip durulmagynyň maksadalaýyklygyny belleýär. Şahyryň adama, ynsana, onuň mertebesini yokary derejä ýetirmek, her bir şahsyň jemgyýetdäki ornuny, sarpasyny belent tutmak ýaly ynsanperwer garaýyşlary bu günki günde “döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgämiz bilen doly sazlaşýar.

Şahyryň arzuwlan “ajap eýýamy” halkymyzyň durmuş hakykatyna öwrülip, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň konstitusion binýadyny, türkmenleriň durmuş ýörelgesiniň medeni-ruhy mirasynynyň özenini düzýär.

Şadyýan SAPAROWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

4 9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ulag ulgamynda uly özgerişler

img 20201014 234436 e1603945841747 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zeýtun agaçy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss