Al-Farabi adyndaky Gazagystan Milli uniwersitetiniň 90 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli 29-30-njy aprelde Almaty şäherinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň goldawy bilen «Farabi film festival» atly halkara film festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň kinoçylary-da hem gatnaşdy. Film festiwalda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Dutaryň owazy» atly çeper-publisistik filmi görkezildi. Ýaş režissýor Isgendermuhammet Annamuhamedowyň bu filmi gözden geçirişe gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi we festiwalyň ýörite baýragyna mynasyp boldy. «Dutaryň owazy» filmi beýleki halkara film festiwallarda-da, hususan, «Listapad» atly Minsk halkara film festiwalynda we türki dünýäsiniň «Korkut Ata» atly halkara film festiwalynda-da kino tankytçylaryny hem-de tomaşaçylary türkmen halkynyň gadymdan gelýän aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyrdy.
“Dutar owazy” atly film daşary ýurtdaky film festiwalynda baýrakly orun aldy
Soňkylar Habar
Bir günlük sebitleýin mediaforum üstünlikli tamamlandy
Ozal habar berlişi ýaly, düýn ― 4-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde «Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III
Türkmen türgenleri kikboks boýunça dünýä çempiony boldular
Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde kikboks boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň ikisi hormat münberiniň iň ýokarky, biri bolsa üçünji basgançagyna çykdy. Şeýlelikde, 84
UNFPA we milli hyzmatdaşlar 2025-nji ýylyň netijelerine seretdiler hem-de 2026-2030-njy ýyllar üçin strategiki ugurlary kesgitlediler
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seretmek boýunça duşuşyk geçirdi.
Aşgabadyň käbir şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler
«Altyn asyr» elektron gazetinde paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin