tM3TmOI4Eg THE ASHGABAT TIMES

TALYPLAR ÜÇIN INTERNETI HOWPSUZ ULANMAK ÜÇIN 10 SANY MASLAHAT

23.01.2024

Biziň hemmämiz internet giňişligini howpsuz ulanmak üçin ýönekeý kadalaryň bardygyny bilýäris, ýöne olaryň bir ýere jemlemek üçin pikirlinmek gerekdir.   Awstarliýanyň Federal Polisiýasy (AFP, Australian Federal Police) habardarlyk derejesini ýokarlandyrmak we aýdyn ulanmak üçin şeýle kadalaryň 10 sanysy düzmekçi boldy. Mysal üçin, eger-de siz mugallym bolsaňyz we çaga ýa-da talyba internety howpsuz ulanmagyň esaslaryny elýeter düşündirjek bolsa, onda bu 10 kada ýerli bolar diýip hasaplaýarys.

  1. Ygtybarly parol ulanyň – setir we uly harplary, sanlary we başga belgileri utgaşdyryň.
  2. Ähli okaýan zatlaryňyza ynanmaň-hemişe maglumat çeşmesiniň hakykatlygyny barlaň.
  3. Internetde özüňiz, maşgala agzalaryňyz, dostlaryňyz we tanyşlaryňyz  barada şahsy maglumatlary ýerleşdirmäň.
  4. Maglumatlary ýaýratmakdan öň iki sapar pikirleniň. Edil durmuşdaky ýaly aýtýan zadyňyzyň nähili netijä getirjekdigini pikirleniň.
  5. Kompýuteriň ekranynyň anonimligi bilen gizlenjek bolmaň. Adamyň ýüzüne aýdyp bilmejek zadyňyzy ýazmaň.
  6. Internetde bikanun ýa-da gelşiksiz mazmunly zatlary ýaýratmaň.
  7. Köpçülikleýin ulgamda siziň profiliňiziň başgalardan ýapykdygyna göz ýetiriň (howpsuzlygy barlaň).
  8. “Dostlaryň hataryna” diňe öz tanaýanlaryňyzy goşuň- olar siziň dostlaryňyzyň dostlary bolsa hem ýöne siz olary tanamaýan bolsaňyz, onda ýene bir gezek ätiýaçly bolmak artykmaçlyk etmez.
  9. Siziň dostlaryňyz siziň suratyňyzy ýerleşdirjek/siziň suratyňyzy köpçülikleýin ulgamda bellejek bolsalar hökman sizden soramalydyrlar. Olara şulary aýtmaga çekinmäň!
  10. Imeýl habarnamalara birikdirilen salgylanmalara edil şol wagt geçmäň-brauzeriň setirine salgyny özüňiz ýazyň.

Söýünaly EMIROW
Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ÖSMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

eHPllRUUBd THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÖNÜM SAKLAMAGYŇ SYRLARY

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop