Dark
Light
25.01.2026
4097561067 cc2a4984bf o THE ASHGABAT TIMES

Adamyň nerw ulgamy

12.11.2024

Adam bedeni ähli haýwanlaryňkydan hil taýdan örän tapawutlanýan ýokary nerw işjeňlige eýedir. Ýokary ösen aň, howaýy pikirlenmek, düşnükli (pert) sözleýiş ýaly beýni işiniň çylşyrymly ýüze çykmagy aýratynlyklarynyň hemmesi köpçülikleýin zähmetiň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydyr. Bedeniň hemme wezipeleri nerw ulgamynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirýärler. Nerw ulgamy synalaryň işini ugrukdyrýar, synalar ulgamlaryň işini sazlaşdyrýar, adam bedeniniň ähli bölekleriniň aragatnaşygyny üpjün edýär. Şeýlelikde bütin bedeniň bitewi birligi üpjün edilýär. Şonuň bilen bilelikde hem nerw ulgamy bedeni we ony gurşap alýan daşky gurşawy bilen arabaglanyşygyny üpjün edýär.

Nerw ulgamyň gurluşuk birligi neýron hasaplanýar. Neýronlar bir-biri bilen sinapslar arkaly baglanyşýarlar. Neýronlar ýerine ýetirýän işi boýunça 3 topara bölünýärler olar; duýujy neýronlar, Hereketlendiriji neýronlar, Goşmaça neýronlar. Nerw öýjükleriniň esasy häsiýetleri oýanyjylyk we geçirijilik. Nerwleriň üsti ak reňkli miýeliň gabygy bilen örtülendir. Bu nerwler (periferiki) çetki nerw ulgamyny emele getirýärler. Olar merkezi nerw ulgamyndan daşlaşdygyça has inçe şahalara bölünýärler we ähli synalaryň içine ýaýraýarlar.

Merkezi nerw ulgamy kelle beýnisinden we oňurga ýiliginden emele gelendir. Olardan aýrylyp gidýän nerwler periferiki nerw ulgamyny düzýärler.Periferiki nerw ulgamy oňurga beýni we kelle çanak beýni nerwlerden durýarlar. Olar merkezi nerw ulgamynyň bölejiklerini dürli synalar bilen baglanyşdyrýarlar. Oňurga beýninerwleri oňurga beýnisinde aýrylyp gidýärler. Olar bedeniň göwre böleginde, boýnunda we ujaklarynda şahalanýarlar.

Kelle çanak-beýni nerwleri öz başlangyçlaryny kelle beýnisinden alýarlar we bedeniň kelle hem-de boýun bölejiklerine ýaýraýarlar. Olaryň diňe biri beden boşlugynyň synalarynda şahalanýarlar. Ol azaşan nerw diýip atlandyrylýar. Somatiki nerw ulgamy -duýuş synalary, skelet myşsalary we derini innerwasiýa edýär. Şeýlelikde ol bedeniň duýujylygyny we hereketini üpjün edýär.

Jennet KAKAMYRADOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

aa93b515 ab31 425b a8cd 15420d15fb9d THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Elektrik stansiýalary

glawny 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gowaça

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop