glawny 2 THE ASHGABAT TIMES

Gowaça

12.11.2024

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň oba hojalygynyň täze ykdysady gatnaşyklara geçirilýän döwri gowaçanyň sortlaryna bildirilýän talaplar ýokarydyr. Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagy dünýä derejesine gabat gelýän süýümi bolan, ýokary hasylly, ir ýetişýän sortlar bilen üpjün edilmelidir.

Gowaçanyň ähli görnüşleri Gossypium urugynyň mamamçörekler maşgalasyna degişlidir. Gowaça ýer şarynyň tropi­ki guşaklygyndan gelip çykandyr. Onuň gelip çykan ýerinde ýylyň dowamynda howanyň iň salkyn wagty 18 ýylylyk derejesinden aşak düşmeýär. Gowaça köpýyllyk agaç, agaçjymak, gyrymsy we otjumak ýagdaýda duş gelýän ösümliklere degişli bolup, ol özüniň dogduk me­kanynda ýabany görnüşinde­de ösýär, agajynyň beýikligi 6­7 metre, kähalatda 10­12 metre ýetýär.

Birnäçe alymlar çaklamalaryny gowaçanyň 100 million ýyl mundan öň ýüze çykandygy barada ýazyp beýan edýärler, ýagny onuň dörän wagtyny hek döwrüniň ikinji bölegine girizýärler. Gowaçany bir ýurtdan başga bir ýurda ýaýratmakda, tropiki guşaklykdan (onuň gelip çykan ýerinden) günorta aram howa şertlerine hem­de tropiki guşaklygyň düzlüklerinden dag bölegine geçirmekde adam­lar uly işjeňlik görkezýärler.

Gowaça ösümligi kök ulgamyndan, esasy baldakdan, şahalardan, ýaprakdan, gunçalardan, güllerden, gozalardan we pagta hasylyndan durýarlar. Kök, baldak, ýaprak we şahalar ösümligiň ösüş synalaryna degişlidir. Gunçalar, güller, gozalar jyns synalary ýa­da köpelýän synalary diýlip atlandyrylýar. Gowaçanyň ýapraklarynyň, şahalarynyň köplügi­azlygynyň, ýaýraňlygynyň, ykjamlygynyň hem ähmiýeti uludyr. Gowaçanyň şahalarynyň ýaýraň bolmagy hatarara bejergi işlerini kynlaşdyrýar. Gowaçanyň düýbi ykjam bolanda pagta hasylyny el güýji, maşynlar bilen ýygmak amatly bolýar.

Züleýha ALLABERENOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
4097561067 cc2a4984bf o THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Adamyň nerw ulgamy

c68bb12d0f46239f66266d155015fd34 01 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Balykçylyk pudagynyň ösüşi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop