c68bb12d0f46239f66266d155015fd34 01 THE ASHGABAT TIMES

Balykçylyk pudagynyň ösüşi

12.11.2024

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde balykçylyk hojalygyny ösdürmäge uly üns berýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde içki we daşky suwlarda balyk tutmagyň we ony gaýtadan işlemegiň binýady kämilleşdirilýär. Tebigy suw ýataklarynda balykçylygy ösdürmekde, balykçylyk meliorasiýa işlerini geçirmek, balyklaryň promysel ähmiýetli görnüşlerini goýbermek, şol sanda olary ýerli şertlere öwrenişdirmek (akklimatizasiýa) bu ulgamyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

Ýurdumyzyň ilatyny balyk we balyk önümleri bilen doly üpjün etmekde maýa goýum serişdeleri Hazar deňzinde balyk tutmagyň möçberini köpeltmäge we howdan balykçylygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Balyk hojalygynyň köptaraplaýyn ösdürilmegini çaltlandyrmak we önümçiligi güýçlendirmek, täze, ýokary netijeli tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, bazary ýokary hilli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk balyk önümleri bilen üpjün etmek, balykçylyk pudagynyň esasy wezipesidir.

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynda” ýurdumyzda balyk hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlary öz aýdyň beýanyny tapdy. Maksatnamada 2030-njy ýyla çenli her bir adam başyna balyk önümlerinden taýýarlanan azyk iýmitiniň öndürilişini 9,7 esse köpeltmek, ýagny her bir adamy 12 kg balyk önümleri bilen üpjün etmeklik göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda balyk önümleriniň esasy bölegi deňizden tutulýan balyklaryň paýyna düşýär. Tutulýan balyklaryň sanyny kadaly saklamak üçin biotehniki çäreleri geçirmek, şol sanda ýaşajyk bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirmegiň zerurdygy bellenildi we Hazaryň kenarýakasynda (Gyýanly şäherçesi) balyk zawodynyň gurluşygyna başlandy.

Howdan şertlerinde balyklary ösdürip ýetişdirmegiň tebigy suwlardan (derýalar, köller, tebigy suw howdanlary) tapawudy goşmaça balykçylyk işlerini geçirmegiň hasabyna ýerine ýetirtilýär: howdany dökünlemek, balyklary goşmaça iýmitlendirmek, seleksiýa işlerini ylmy esasda alyp barmak we başgalar. Bu işler howdan balykçylyk hojalygynda döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, halkyň isleg bildirýän balyklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkünçilik berer. Balykçylyk hojalyklarynyň binýadynda balyklary ösdürip ýetişdirmegiň möçberi täze biotehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna geçiriler.

Nurjan BABAMYRADOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
glawny 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gowaça

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 12 11 2024

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop