Dark
Light
24.01.2026
1469651 THE ASHGABAT TIMES

Reflektor duganyň gurluşy

29.02.2024

Özüňi alyp baryşyň elementar birlikleri hökmünde refleksler kabul edilýär. Ewolýusiýanyň gidişinde reflektor işjeňlik çylşyrymlaşýar. Şonuň üçin refleks düşünjesi çylşyrymlylygy boýunça dürli-durli bolan özüňi alyp baryşyň görnüşlerini öz içine alýar.

Daşky sredanyň dürli gyjyndyrmalaryna merkezi nerw ulgamynyň gatnaşmagynda organizmiň jogap bermek häsiýetine refleks diýilýär. Nerw ulgamynda duýujy reseptorlarynda başlanýan oýanyşyň we organizmiň jogap reaksiýasynyň geçýän ýoluna reflektor dugasy diýilýär.

Reflektor dugasy reseptorlardan, merkeze ymtylýan nerwlerden we işjeň synalardan ybaratdyr. Merkezden başlaýan neýronlaryň ösüntgileri myşsalara ýa-da mäzlere ýetýär.

Iň ýönekeýje refleks iki sany –merkeze ymtylýan we merkezden daşlaşýan nerw öýjükleriň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

Reseptor → Merkeze ymtylýan nerw öýjügi → Öýjügiň bedeni → merkezden daşlaşýan neýronlar → syna.

Dendritde merkeze ymtylýan neýronlaryň reseptorlary ýerleşýär. Gyjyndyryjynyň täsiri netijesinde reseptorlarda oýanyş döreýär. Oýanyş merkeze ymtylýan neýronyň üsti bilen merkezi nerw ulgamyna ýetirilýär. Ol ýerde bolsa oýanyş başga nerw öýjüklerine geçirilýär. Ol nerw öýjügi we oýanyşy iş synasyna geçirýär.

Konseptual reflektor duga –häzirki wagtda refleksleriň dürli görnüşlerinde neýronlaryň ýerine ýetirýän işi barada maglumat toplanandyr. Konseptual reflektor dugada aýry-aýry refleksleriň bölekleri ýitýär, ýöne neýron apparatynyň ähmiýetli häsiýetleri ýüze çykarylýar.

Konseptual reflektor duga –bu reflektor aktynyň neýron guramaçylygynyň uleňidir.

Begmyrat ATAKOW
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

63719089128 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Demirgazyk sugunlary howanyň gyzmagyna garşy göreşýärler

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýadyň taryhy öwrenilişi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop