Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy.
Magtymguly dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny ynsana mahsus inçe duýgular bilen bitewileşdirip, pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, ynsan kalbyna inçelik bilen aralaşypdyr we halk hakydasynda müdimi orun alypdyr. Magtymguly, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Akyldar bütin adamzada söýgi bilen sereden hem bolsa, onuň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony umumyadamzat şahyryna öwren zat – onuň öz halkyna, Watanyna bo-lan beýik söýgüsidir, il-günüň ykbalyna baglanan söweşjeň oýlanmalarydyr.
Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine göz yetirmäge, bolup geçýän zatlaryň düýp mazmunyna düşünmäge çagyrdy. Adamlary paýhaslanmaga, özüne düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim- parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy.
Magtymguly – ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülsede, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem gadyrynyň artmagy ondaky öwüt ündewlerin kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr. Hut şonuň üçin hem, halkymyz Magtymgulyny agyran-ynjan, aljyran, gussa batan gününde dertlerden gutarjak lukman tutunypdyr. Şahyryň melhem sygyrlary, tenekar sözleri her döwürde ulynyň-kiçiniň ruhuny tämizläp, bu owadan dünýä, adamzada, durmuşa söýgi döredipdir, halkyň göwnüni belende galdyryp, tutuş türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyny üpjün edip gelipdir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr.
Mährijemal SEÝTIÝEWA
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby