lider e1552593908554 800x400 1 THE ASHGABAT TIMES

“LIDER” DÜŞÜNJESI

18.11.2024

Islendik topar özüniň gurluşyna eýedir. Şeýle gurluş basgançak görnüşinde bolup, onuň çür depesinde toparyň lideri durýar. ,,Lider”(iňlis dilinde leader-alyp baryjy, ýolbaşçy) diýip toparyň garamatyny öz üstüne alan, beýlekileri yzyna düşürip bilýän, inisiatiwaly, iş başarýan, edýän işine düşünýän, toparyň agzalarynyň isleg-arzuwlaryny berjaý etmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmaýan, olaryň ynamyna giren adama aýdylýar.

Lider bolup resmi taýdan belli bir wezipä formal saýlanan (synp ýolbaşçy, toparyň toparbaşysy, syýasy partiýanyň lideri, zawodyň direktory we ş.m.) we hukugy hiç bir ýerde kesgitlenmedik, emma sözi geçýän formal däl ýagdaýdaky adam hem bolup biler.

Kiçi toparlarda(bu talyp topary hem bolup biler) toparyň agzalaryny birleşdirmek,  jebisleşdirmek hem-de olaryň işlerini ugrukdyrmak toparyň lideriniň paýyna düşýär. Ol toparyň her bir agzasy bilen işjeň gatnaşyklarda bolmalydyr, şeýle gatnaşyklary ýola goýmaklyga borçludyr. Şol bir wagtyň özünde onuň guramaçylyk ukyplary, aýry-aýry taraplary ýüze çykýar hem-de şahsy häsiýeti aýdyňlaşýar: emele gelen situasiýadan baş alyp çykyp bilmek başarnygy, netije çykaryp bilmek, jogapkärçiligi öz üstüne almak, dogry ugry saýlap-seçip bilmek we ş.m.

Liderçiligiň esasy şertleriniň biri az wagtyň içinde köp maglumata eýe bolup bilmek başarnygydyr.

Topar bilen ýola goýulan gatnaşyklarda lideriň özüni alyp barşynyň şahsy stili möhüm rol oýnaýar(awtoritar, berk ýa-da demokratik).

Lideriň üstünligi ýa-da onuň işiniň paşmazlygy toparyň emosional ýagdaýyna uly täsir edip biler. Şonuň üçin lideriň toparyň keýpini öz wagtynda duýmagy, olaryň isleglerini we matlaplaryny bilmegi, bähbitlerini arap çykyş etmegi uly ähmiýete eýedir. Diňe şonda ol köpçülikleýin hereketiň, partiýanyň, jemgyýetiň simwolyna öwrülip biler.

Aýgözel MEREDOWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
11182024 usembassy press release atch 1 5 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

USAID WE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY TÜRKMENISTANYŇ INÇEKESELE GARŞY GÖREŞMEK WE ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA MILLI MAKSATNAMASYNA BAHA BERÝÄRLER

unnamed 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Öňünden görmek

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop