Newrologiýa (grekçe neýron-nerw, patos-kesel, logos-ylym) –kadaly ýagdaýda we patologiýada adamyň nerw ulgamy baradaky ylymdyr. Ol hem nerw ulgamynyň gurluşyny,funksiýasyny(neýroanatomiýa, neýrogistologiýa, neýrofiziologiýa we başg.) we nerw ulgamynyň kesellerini (newropatologiýa) öwrenýän ylymlar toparyny öz içine alýar.
Newrologiýa dört bölümi, ýagny ulular, çagalar newrologiýasyny neýrohirurgiýany we lukmançylyk genetikasyny özüne birikdirýär. Biziň ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda newrologiki näsaglara hyzmat etmegi newrolog-lukmanlar we neýrohirurglar amala aşyrýarlar. Nerw ulgamlarynyň keselleriniň agyr
25görnüşi bilen kesellänler (insult, ensefalit, meningit, miýelit, polinewropatiýalar we ş.m.) etrap, şäher we welaýat hassahanalarynyň newrologiýa bölümlerinde bejergi almaga, ýeňil näsaglar bolsa ambulator bejergä degişlidir. Käbir uly şäherlerde damar, nesilleýin we dowamly ösýän, möwjeýän keseller bilen kesellänler, oňurga beýnisiniň şikesli zeperlenmesini alanlar, osteohondrozyň, garaguş keseliniň newrologiki ýüze çykmalary bolan näsaglar üçin ýöriteleşdirilen bölümleri guralandy.
Newrologlaryň sany her ýurtda saglygy goraýşy guramaklygyň aýratynlyklaryna bagly bolup durýar. Mysal üçin, Angliýada her 250.000-300.000 ilata –1, Russiýada her 15000-20000 ilata –1 sany newrolog düşýär. Türkmenistanda newrologiki kömegiň geljegi oňat ugry-insultyň , dowamly damar beýni ýetmezçiliginiň agyry alamatlaryny, nerw-muskul patologiýalarynyň we beýleki keselleriň anyklaýyş we bejerilişini has ýokary derejede amala aşyrýan newrolog-neýrohirurgiki merkezleri gurmakdyr.
Psihiki bozulmalar (dissirkulýator ensefalopatiýa, garaguş keseli, nesle geçýän keseller we ş.m.) bilen geçýän newrozlar we nerw ulgamynyň organiki keselleri bolan näsaglara bejeriş-maslahat beriş merkezleriniň biri-de psihonewrologiki dispanserdir. Onuň düzümine birnäçe bölümçeler, şol sanda logopediki otaglary, gündizki hassahanalar, bejeriş-zähmet ussahanalary girýär.
Gözel DURDYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti