Dark
Light
25.01.2026
internet name THE ASHGABAT TIMES

Telekommunikasiýa ulgamy

15.11.2024

Ýurdumyz telekommunikasiýa we ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi maksat edinýär.

Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge, döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Aragatnaşyk pudagynyň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen hünärmenleri öz işläp taýýarlaýan tehnologiýalarynyň binýadynda ösüşiň milli nusgasyny kemala getirmegi ugur edinip, öňdebaryjy tejribäni içgin öwrenýärler we özleşdirýärler. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça degişli Konsepsiýanyň çäklerinde programma üpjünçiliklerini, mobil goşundylary taýýarlamakda, sanly hyzmatlary hödürlemekde, söwda platformalaryny döretmekde hususy kompaniýalara uly orun degişlidir.

Türkmenistanda soňky ýyllarda elektron senagatyň önümlerini öndürmekde uly üstünlikleriň gazanylandygy bellärliklidir. Indi birnäçe ýyldan bäri edara-kärhanalar üçin zerur bolan kompýuter we beýleki maglumat enjamlary ýurdumyzda öndürilýär.

Maksat BAÝRAMOW
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zsez1yroxpyk8vla0hwkritsnnq3nvjjgomoqnht THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» parlamentara duşuşygyna gatnaşdylar

osumlik yaglary THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ösümlik ýaglary

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop