65c6c5e23ab55279152376 THE ASHGABAT TIMES

Oba hojalyk pudagynda yzygiderli ösüşler

19.11.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösdürilýär, onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar. Ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan pudagy döwrüň talaplaryna laýyklykda durnukly ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ýola goýmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şunda sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistanda bu ugra degişli halkara sergileriň, ylmy maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda milli derejede ornaşdyran Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak bilen, degişli meseleleri çözmek üçin geljegi nazarlaýan deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçly çykyş edýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Oba hojalyk pudagynda yzygiderli ylmy-barlag işleriniň we gözlegleriň geçirilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy pudagy durnukly ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş hünärmenleriň, ekerançylaryň gaýratly zähmeti esasynda ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň ygtybarly azyk binýady üpjün edilýär.

Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Ählumumy durnukly azyk üpjünçiligi Durnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biri bolmak bilen, dünýä ykdysadyýetiniň çalt özgerýän şertlerinde döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply azyk önümleriniň önümçiligi yzygiderli artdyrylýar.

Baýramnazar ARABOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallym öwrenijisi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
01 u0sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdumyz sport üstünliklerine tarap öňe barýar

preview7 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň energetika pudagy geljege tarap ynamly gadam basýar!

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop