655192ae81cbf119715489 THE ASHGABAT TIMES

Hasyl üpjünçiligi

19.11.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz özgertmeleriň we gülläp ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde häzirki wagtda Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu pudakda başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, bu ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde Watanymyzyň galla harmany barha beýgelýär.

Jelaletdin BEGIÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:30 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
preview7 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň energetika pudagy geljege tarap ynamly gadam basýar!

5jpgjpg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň batly gadamlary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop