Dark
Light
24.01.2026
3ae06dc56c8a85cd16525d9a8c3b51e4 THE ASHGABAT TIMES

Sanly bilim ulgamy

20.11.2024

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Gallkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň durnukly ösmeginiň, Watanymyzyň barha kuwwatlanmagynyň hatyrasyna ýaşlaryň gurujy, dörediji, oýlap tapyjy, ösen aň-düşünjeli intellektual derejesini kemala getirmek häzirki döwrüň möhüm aýratynlygydyr. Bu aýratynlyk ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bilelikde, onuň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylmagy bilen şertlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyna sanly serişdeleriň ornaşdyrylmagy, döwrebap bilim portalynyň herekete girizilmegi bilim işgärleriniň mümkinçiliklerini üzül-kesil artdyrdy. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegiň maksatlarynyň bilim edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilmeginiň, olaryň ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün edilmeginiň, täze tehnologiýalardan peýdalanylmagynyň, bilim berlişiniň hiliniň talap edilýän derejesine ýetirilmeginiň esaslary 2017-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” arkaly dolandyrylýar.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim bermek arkaly bilim ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Häzirki zaman jemgyýet soňky onýyllykda maglumat jemgyýetine öwrülip, ýokary depginde hereketli häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa maglumatlara we hyzmatlara elýeterliligiň ulanyjylar üçin, olaryň nirede we haçan bolýandygyna garamazdan, hemişelik esasda üpjün edilýändigini aňladýar.

Sanly bilim ulgamynyň maglumat giňişligini döretmekde we mundan beýläk ösdürmekde bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň ileri tutulmagyny üpjün etmek zerurdyr. Sanly bilim şertlerinde tehniki serişdeler diňe bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün edýän gurallar bolup durýar.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny ösdürmek we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen döredilýän şertler häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýär.

Orazmämmet ORAZOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallym öwrenijisi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

shutterstock 1731631453 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Biodürlülik – tebigatyň gymmatlygy

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 20.11.2024

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss