656581a77e191902777685 THE ASHGABAT TIMES

Azyk senagaty

21.11.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns berýär.

Biziň ýurdumyzyň azyk senagatynda iýmit ýaglarynyň öndürilişiniň özboluşly aýratynlyklary bolýar. Ösümlik ýaglary, margarin ýag pudagynyň kärhanalarynda, mal ýaglary bolsa et pudagynyň kärhanalarynda öndürilýär.

Oba hojalygyň ösüşiniň durnuklylygyny gazanmazdan, ýurduň galla howpsuzlygyny gazanyp bolmaz. Azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadam basan ilatyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu pudagyň baş wezipesi bolup durýar.

Azyk senagaty pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerini, kuwwatyny ulanmak bilen ýerli çig malyň gaýtadan işlenilmegine esaslanyp, önümçilige dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, görnüşlerini giňeltmek, olaryň hilini, bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak, pudagyň netijeliliginiň, düşewüntliliginiň derejesini galdyrmak, töleg ukybyny berkitmek, maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň azyk senagat Döwlet birleşigini ösdürmekde ileri tutulýan ugurlardyr.

Pudagyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi diňe ýurdumyzyň içerki talaplaryny kanagatlandyrmaga däl, eýsem, ösümlik ýagy, sabyn, salomas ýaly önümleriň aýry-aýry görnüşlerini eksport etmägede mümkinçilik berýär. Täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak, önümleriň Türkmenistanda ozal öndürilmedik görnüşlerini, şol sanda ýerli çig maly peýdalanmak arkaly ýokary tehnologiýaly häzirki zaman gurallary bilen öndürmegi özleşdirmek pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugrudyr.

Laçyn ATAMYRADOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ow3vpmxasnx9emmtqgn5ocf4zsd3cafw5ibbwzx7 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop