Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet ösýär,kämilleşýär.Şonuň üçin mugallymyň jemgiýetde tutýan orny ýokarydyr. Mugallymçylyk hünäri birnäçe talaplary ödemelidir. Bu talaplar häzirki zaman önümçiliginiň, adamlaryň durmuş şertlerini düýp göter üýtgedýän ylmy-tehniki progresiň şertlerinde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar.Ösüp barýan adamyň şahsyýetini häzirki zaman maşynlarynyň tehniki talaplarynyň adamyň psihiki mümkinçiliklerine laýyk geler ýaly kemala getirmegi.
Mugallymda diňe bir öz-özüniň bilimini artdyrmaklyk däl-de, eýsem onda, onuň işinde pedagogik maksada okgunlylyk hem bolmalydyr. Beýle diýmeklik, onuň işini esasy maksada, ýagny okuwçynyň şahsyýetini formirlemekligi, kemala getirmekligi dolandyrmaklyga gönükdirilen bolmalydyr. Mugallymyň sožleyişi näçe gyzykly we bay bolsa,şonça-da onuň okuwçylara terbiyeçilik täsiri güyçli we netijeli bolyar.
Pedagogik halypaçylyk –professional kämilligiň esasy yollarynyň biridir. Geçmişde-de ähli kärdeki adamlaryň halypalary bolupdyr. Olar islendik käri, hünäri öwrenmek isleýän ýaşlara-da, ulylara-da ol işiň ähli ýagdaýlaryny jikme–jik öwredipdirler, ýerine ýetirlenişiň kemçiliklerini ýekän-ýekän düzetmegi talap edipdirler. Halypalyk ýaş mugallymlaryň pedagogik –psihalogik taýdan kämilleşmeginiň iň möhüm serişdesidir . Halypaçylygy yola goýmagyň ilkinji başlangyçlary 60 –njy ýyllardaky şeflik aragatnaşygy diýen mesele bilen utgaşdyrylyp , halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, halk magaryfynda we bilim sistemasynda-da öz boluşly köpçülükleýin häsiýete eýe boldy.
Mugallymçylyk hünäriniň pedagogik taýdan dogry guralmagyny, mugallymlaryň dürli ýaşly mekdep okuwçylary bilen işlände ugur tapyjylygyny , metodik kämilligini ýola goýmaga , gönükdirmäge ýokary okuw jaýynda pedagogikadan , psihalogiýadan, hususy metodikadan okadýan mugallymlar ýolbaşçylyk edýän bolsa mekdepde bu iş ilki bilen halypalaryň paýyna düsýär. Okuw –terbiýeçilik edaralaryna bilim we terbiýe berijilik häsiýetine halypaçylyk professional –zähmet , tehniki –döredijilikli , ylmy metodik , ideýa –ahlak , dolandyryjylyk , medeni aň –bilim , durmuş we dynç alyş ugurlarynda ýaş nesle özboluşly täsir ediş serişdesi hökmünde dowam edýär.
Nurmuhammet GAJYMOW
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň Iňlis dili mugallymy