Dark
Light
25.01.2026
large 160fefc59c8e7d 2 THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024

Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy dowam etdirilýär. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Söwda toplumy hem milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlarymyza dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi we ugurlary artdyrylýar. Dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça-da möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Halkymyzyň dünýä meşhur milli halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Milli ulag-aragatnaşyk pudagynda gadymy söwda ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ulagyň ähli görnüşi bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny işjeňleşdirmek, halkara üstaşyr ulag mümkinçiliklerini doly ulanmak babatda zerur tagallalar edilýär.

Bilim ulgamynda giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn terbiýelemek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny, mekdep-gimnaziýalaryny we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalaryny açyp ulanmaga bermek hem möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi.

Halkymyzyň saglygyny goramak we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä, ilata dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek babatda-da uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan iri halkara we sebitleýin ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Gyzylgül PALTAÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

how long does it take to become a teacher 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mugallym sarpasy

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 22.11.2024

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop