Dark
Light
25.01.2026
syzp2g2j0878s1j5hj00u7b3uwl6mxim scaled THE ASHGABAT TIMES

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir hatarda oba hojalygy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, bagtly geljege sary ynamly gadam urýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ene toprakdan alynýan hasylyň mukdary barha artýar.
Daýhanlarymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak maksady bilen işleýärler. Pederlerimiziň “Daýhan mert — ýer jomart” diýen nakylyna eýerip gelýän ussat gallaçylarymyz keremli toprakdan ýylyň-ýylyna bol hasyl alyp gelýärler. Munuň özi Diýarymyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine uly goşantdyr. Yhlasly zähmetiň netijesi bolsa, halal zähmetiň hasabyna gazanylýar.
Ýurdumyzda obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak işlerinde giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan döredilýän giň goldawdan, hemmetaraplaýyn mümkinçilikden netijeli peýdalanýan gallaçylarymyz, babadaýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, özleriniň irginsiz yhlasy, tagallalary bilen täze-täze zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem, bagtyýar ildeşlerimiziň çeken zähmetine mynasyp baha berilýär.

Agroekologlar oba hojalyk pudagynda möhüm orny eýeleýärler, sebäbi olaryň işiniň maksady tebigaty gorap, durnukly we ekologik taýdan arassa oba hojalygy ösdürmekdir. Olaryň işi, öndürijilikli oba hojalyk usullaryny ösdürmek, tebigy baýlyklary goramak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin giňden ýaýran we netijeli çözgütleri tapmakdan ybaratdyr.
Şeýlelik bilen, agroekologlar durnukly, ekologik taýdan arassa we ykdysady taýdan netijeli oba hojalyk ulgamlarynyň döredilmeginde möhüm orun eýeleýärler, bu bolsa azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we tebigy baýlyklary goramakda möhüm ädimdir.

Tyllagül GYLLYÝEWA

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

fboralj13yfqgaubxlh0npg85e5sasz9ydplt266 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 23.11.2024

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop