2024-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny milli ýörelgelere we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmekde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahatda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, degişli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek barada durmuşa geçirilen işleriň netijesinde, şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň kanunlarynyň 23-si, Mejlisiň kararlarynyň 19-sy kabul edildi.
Maslahatda täze eýýamyň talaplaryna laýyklykda, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän täze kanunlary taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler barada çykyşlar diňlenildi.
Dünýä döwletleriniň parlament wekilleri, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada durlup geçildi.
Şeýle hem maslahatda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi hem-de deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygy barada öňde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan guwandyryjy ösüşlerini, maksatnamalaýyn beýik işleri giňden wagyz etmek hem-de kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça deputatlaryň durmuşa geçirmeli işlerine hem üns çekildi.
Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak barada ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.