Finlýandiýa 300 töweregi uçuşy pilotlaryň iş taşlamagy sebäpli ýatyrar

25.11.2024

Iş taşlamaga 30-njy sentýabrda kollektiw şertnamanyň möhletiniň gutarmagy bilen baglanyşykly kärdeşler arkalaşygy bilen daşaýjy arasyndaky gepleşikler sebäp boldy. Kärdeşler arkalaşygy üç aý bäri täze şertnama gazanmaga synanyşýar, ýöne entek öňegidişlik ýok.

Finnair ýolbaşçylygy kärdeşler arkalaşygynyň karary barada gynanç bildirdi we iş taşlamanyň daşaýjynyň 33 müň töweregi müşderisine täsir etjekdigini aýtdy.

“Finlýandiýanyň Pilotlar Arkalaşygy (SLL) gepleşikleriň ýerine iş taşlamagy yglan etmegi gynandyrýar. Gynansagam, bu, müşderilerimiziň müňlerçesiniň Täze ýyl öňüsyrasyndaky syýahat meýilnamalaryny bozýar. Bu kyn ýagdaýda hem müşderilerimize gowy hyzmat etmek üçin ähli tagallalary edýäris we mümkin boldugyça köp müşderä alternatiw uçuşlary hödürläris” diýip, Finnair beýanatynda aýdylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:47 pm, Nov 25, 2024
temperature icon 12°C
мгла
Humidity 76 %
Pressure 1018 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:57 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Figure AI atly gumanoyd robot BMW önümçiliginiň netijeliligini 400% ýokarlandyrdy

Next Story

ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud ABŞ-Türkmenistan gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Soňkylar Dünýä habarlary

Hytaýda täze taslamaly otly synagdan geçirildi

09.08.2024
Hytaýda täze ýokary tizlikli magnit yşykly otly synagdan geçirildi diýip, Sinhua agentligi habar berýär. Synaglar ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Datong şäherinde geçirildi, bu taslamany
GitTop