“RŽD-Medisinasy” Türkmenistana göçme maslahat beriş-diagnostiki otly döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny bildirdi. Bu barada TASS habar berýär.
Bu teklip, “RŽD-Medisinasy” wekilleriniň “Miweli missiýa” maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabada sapar edenlerinden soň gelip gowuşdy. “RŽD-Medisinasy” ulgamynyň işgärleri Türkmenistanyň paýtagtynda leksiýalar geçirýärler, rus medisinasynyň mümkinçiliklerini we gazananlaryny görkezýärler.
Sapar wagtynda türkmen lukmanlary rus taslamasy “Mukaddes Pantelýeýmon” – otly esasynda göçme lukmançylyk toplumy bilen aýratyn gyzyklandylar.
“RŽD-Medisinasy” halkara iş boýunça geňeşçisi Iwan Iwanow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň türkmen kärdeşleriniň “Mukaddes Pantelýeýmon” taslamasyndan täsirlenendigini belledi. Taraplar Türkmenistana şeýle otly döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Mukaddes Pantelýeýmon” – “Transmaşholding” bilen bilelikde “noldan” işlenip düzülen we gurlan özboluşly taslama. Otlyda diňe rus enjamlary ulanylýar.
Göçme lukmançylyk toplumy “Mukaddes Pantelýeýmon” 2024-nji ýylyň awgust aýynda işe girizildi. Ol stasionar hassahanalaryň we laboratoriýalaryň ýok ýerlerinde ýaşaýan adamlara lukmançylyk hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir.
Lukmançylyk otlusy funksional diagnostika wagonyndan; laboratoriýa wagonyndan; hirurgiýa wagonyndan; şöhle diagnostika wagonyndan; derman kiosky bilen registratura wagonyndan; onlaýn maslahatlar we gyssagly lukmançylyk konsiliumlary üçin wideoaragatnaşyk bilen enjamlaşdyrylan ordinator otagy wagonyndan ybarat.