2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory jenap Stiw Deýnsiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi.
Mejlisiň Başlygy myhmanlary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy hem-de şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty esasynda, dünýä döwletleri, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda işjeň häsiýete eýe bolýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde deputatlar, hünärmenler üçin guralýan okuw maslahatlarynyň we iş saparlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasynda nebitgaz we energetika pudaklarynda, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşykda, bilim hem-de beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen birlikde döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.