energosberezhenie na transporte THE ASHGABAT TIMES

Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerinde yzygiderli ösüşler

26.11.2024

Ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada geljek ýyllarda ulag ulgamynda giň strategik maksatlary we çäreleriň toplumyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli wajyp ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyz deňiz portunyň mümkinçiliklerini giňeltmekde, gämi gurluşygyny ilerletmekde, awtobanlary, demir ýol köprülerini, howa menzillerini gurmakda hem-de üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm ähmiýetli birnäçe taslamalary amala aşyrýar.

Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda dünýä üstaşyr ulag gatnawlary bilen baglanyşykly köp işler amala aşyrylýar. Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda “Lapis Lazuli” ugry boýunça Ylalaşyk, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, portlar ýaly üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek we goldamak üçin döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny has-da jebisleşdirmegiň, bu ugra maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berýär.

Dursun KASYMOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
aqabiimjy96an1zfw5l ugjbp4diu3 mzfbeqyss6rpbwea8yrhgms2i9gxsb gxvtcvxwh3t7baypokmui3pdh csa 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hytaýyň superawtoulagy tizlik rekordyny goýdy

senetcilik we amaly hasam sungaty dunya halklarynyn mirasynda atly halkara festiwaly ustunlikli gecirildi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Amaly-haşam sungaty mirasyň gözelligi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop