Amaly-haşam sungaty mirasyň gözelligi

26.11.2024

Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen beýik işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň bardygyna, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň bolandygyna şaýatlyk edýän taryhy-arheologiýa ýadygärlikleri, ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» tansy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Milli hünärmenleriň döreden amaly-haşam önümleri çeperçilik sungat eseri hasaplanýar. Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty gadymy kökli bolup, ol türkmen halkynyň ýiti zehini, inçe gözellik duýgulary we irginsiz yhlasy bilen döredilendir. Amaly-haşam sungaty bilen baglanyşykly döredilen eserlere gelin-gyzlaryň egin-eşikleri, öýüň içiniň-daşynyň bezegi, süňňi, söweş gurallary, şaý-sepler, hojalyk, ekerançylyk, maldarçylyk bilen bagly önümler degişli.

Türkmenistanyň amaly-haşam sungatyny öwrenmek dürli ugurly suratkeşleri taýýarlamakda örän wajyp, sebäbi halk döredijiliginiň esaslary hünär sungatynyň bir bölegidir. Türkmeniň nagyşly amaly-haşam sungatynda döredilen sazlaşykly kompozisiýalaryň reňkleriniň, nagyşlarynyň Ýewraziýa sähralarynda ýaşan gadymy halklaryň iň gadymy däplerini özüne siňdiren çeper eserleriniň mazmunynda anyk yzygiderlilikde berilmegi haşam döredijiligine bitewüligi çaýýar. Ondan başga-da, türkmen amaly-haşam sungatynyň görnüşleri özbaşdak çeper eser bolup, olaryň goňşy halklaryň dünýägaraýşy we sungaty bilen bilelikde jemlenen gözellik we filosofik oý-pikirleriň çeşmesi bolup durýandygyny hem bellemek gerek. Türkmen halk sungaty çylşyrymly we özboluşly gözellik düşünjelerini uzak wagtyň dowamynda toplap jemledi hem-de eserleriň iň çeper taslamasynda dünýäniň daşky gurşaw we binagärlik baradaky bilimlerini ýüze çykardy.

Amaly-haşam sungatynyň görnüşlerinde çeper keşbi döretmek çylşyrymly döredijilik yzygiderliliginde amala aşyrylýar, sebäbi eseriň «ýaşaýan» giňişligini we onuň ösüş ewolýusiýasyny görkezmek örän wajypdyr. Türkmeniň amaly-haşam sungaty halkyň milli çeperçilik döredijiliginiň güýjüni we ruhy baýlygyny görkezýär hem-de halky köpçülikleýin işläp bilýän suratkeş hökmünde öňe çykarýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, amaly-haşam sungaty jemgyýetde çeperçilik garaýyşlaryň dowam etmegine we halkyň gözellige bolan söýgüsini ösdürmäge uly mümkinçilik berýär.

Gülbahar SAPAROWA
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň esasy terjimeçisi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:28 pm, Nov 26, 2024
temperature icon 13°C
небольшая облачность
Humidity 58 %
Pressure 1017 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:58 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerinde yzygiderli ösüşler

Next Story

Aşgabatda Möjek Çaryýewiň şahsy sergisi geçirildi

Soňkylar Makalalar

Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerinde yzygiderli ösüşler

26.11.2024
Ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň

Söwda gatnaşyklary

25.11.2024
Berkarar döwletiniň täze eýýamy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşyň ähli ulgamlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamak işleri ileri tutulýan

Adam isleglerini kanagatlandyrmak

25.11.2024
Häzirki zaman jemgyýetinde harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiligi dürli hojalyk subýektleri tarapyndan, ýagny hususy, döwlet eýeçiligine degişli, şonuň ýaly-da garyşyk eýeçilikdäki iri, orta, kiçi we

Adam bedeninde bolup geçýän fiziki hadysalar

25.11.2024
Adam bedeninde bolup geçýän dürli hadysalaryň çylşyrymlydygyna we özara baglanyşyklydygyna garamazdan, köplenç, olaryň içinden fiziki hadysalara ýakyn bolan hadysalary tapawutlandyrmak bolar. Adam bedeninde fiziki

Ykdysadyýetiň ösüşi

25.11.2024
Ýurdumyzyň gysga döwrüň içinde ýeten uly sepgitlerini, gazanylan ajaýyp netijeleri, galkynan milli ykdysadyýetiň öz gözbaşyny mukaddes Garaşsyzlykdan alyp gaýdýandygyny bellemek, şol üstünlikleri, ykdysady netijeleri,
GitTop