market 61931 640 THE ASHGABAT TIMES

Gymmat kanuny we nyrh

05.03.2024

Gymmat kanuny – bu haryt önümçiliginiň ykdysady kanuny bolup, ol harytlaryň öndürilişini we alyş-çalşyny olaryň jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlaryna laýyklykda şertlendirýär. Gymmat kanuny nyrhlaryň kanuny hökmünde ýüze çykýar. Nyrh gymmatyň pul görnüşindäki aňladylmagy, harytlary öndürmek üçin çykarylýan jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlarynyň aňladylmasy bolup durýar.

Ekwiwalent alyş-çalyş mahalynda öňki geçen we häzir-ki zähmetiň öwezi doldurylýar, üznüksiz önümçilik üçin şertler döredilýär, indiwidual harajatlary azaltmaga, zäh­meti tygşytlamaga höweslendirme ýüze çykýar. Eger-de alyş-çalşyň ekwiwalentligi bozulsa, haryt öndürijiler öz ha-rajatlarynyň öwezini dolduryş mümkinçiliginden mahrum bolýarlar, olaryň önümçiligi kämilleşdirmäge we ösdürmäge gyzyklanmasy peselýär.

Gymmat kanuny önümçiligiň düzgünleşdirijisi hökmünde çykyş edýär. Meselem, nyrhlaryň gymmatyň töwereginde üýtgäp durmagy haryt öndürijileri ol ýa-da başga bir harytlaryň önümçiligini artdyrmaga ýa-da kemeltmäge mej-bur edýär. Bu bolsa zähmetiň we önümçilik serişdeleriniň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda gaýtadan paýlanmagyna getirýär.

Emma nyrhlar diňe gymmat kanunynyň täsiri astynda emele gelmeýär. Munuň özi jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlarynyň üýtgemeginiň hemme halatlarynda nyrh-laryň öz-özünden üýtgemeýändigini aňladýar. Nyrhlar jem-gyýet üçin zerur ykdysady deňölçeglilikleri kemala getir-megiň we goldap saklamagyň iňňän möhüm guraly bolup durýar.

Gymmat kanunynyň täsiri kärhanalary önümleriň jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlaryna laýyklykda öndürilmegine nazarlandyrýar we harytlaryň indiwidual gymmatyny peseltmäge, ylmy-tehniki ilerlemäni çaltlandyrmaga, iş wagtynyň ähli çäreler arkaly tygşytlanmagyny üpjün etmäge iterýär.

Gymmat kanunynyň täsiri zähmet harajatlarynyň gymmat görnüşinde hasaba alynmagynyň zerurlygynda ýüze çykýar.

Akbibi TAÝLAKOWA
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy,
Zenanlar guramasynyň başlygy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gyrgyzystanda 5.8 ball ululykda ýer titremesi boldy

akyldar sahyryn doredijilik alemi 06rXchMrOB THE ASHGABAT TIMES
Next Story

MAGTYMGULY-SÖZ SUNGATYNYŇ USSADY

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop