5a8e850437124 THE ASHGABAT TIMES

Pagta we ösümlik ýaglary

27.11.2024

Arhiologiki barlaglar netijesinde pagtanyň gelip çykan ýurdy Hindistan diýip hasaplanylýar. Hindistanyň Mohenajo-Daro şäherçesinde gazuw agtaryş işleri geçirilende pagtadan öndürilen matanyň bölegi tapylypdyr. Bu mata böleginiň biziň eýýamyzdan 3000 ýyl öň öndürilendigi anyklandy.

Orta Aziýada bolsa pagta biziň eýýamymyzdan öň IV – VII asyrlarda ekilip başlanypdyr.

Pagta Malwowylar maşgalasyna degişli bolup, ol bir ýyllyk ösümlikdir. Tekstil senagatynda pagta süýümi giňden ulanylýan önümdir.

Pagta çigidiniň gurluşy 1-nji suratda görkezilýär. Pagtanyň pamygy çigidi bilen 33%, ýapragy – 22%, baldagy – 24%, hanasy – 12% we köki 9%-ni tutýar.

Pagta pamygyň bir tonnasyndan 340 – 350 kg süýüm, 620 kg çigit we başgalar çykýar. Şol çigitden 110 kg delint we 175 kg şulha alynýar.

Ýaglar himiki düzümi boýunça üç atomly spirt hasaplanýar, gliserin bilen ýokary molekulaly her hili kislotalaryň, meselem׃ stearin, palmetin, olein, linol we linolen kislotalaryň çylşyrymly efirdir. Ösümlik ýaglary gaty we suwuk halynda bolýarlar.

    Gaty ýaglaryň düzümi esasan doýan kislotalaryň, ýagny stearin we palmetin kislotasynyň efirlerinden (gliseridinden) durup, suwuk ýaglar bolsa, esasan doýmadyk kislotalaryň, ýagny olein, linol we linolen kislotalaryň efirinden (gliseridinden) durýar. Mysal üçin, TDS № 307 boýunça pagta ýagynyň şu aşakdaky ýaly düzümi bardyr. 41,7 – 44,8% linolen kislotasy 30,5 – 35,2% olein kislotasy, takmynan 24,5% doýan kislotalar bolup, şolardan 22% palmetin kislotasy bolýar. 

Pagta ýagynda ýag kislotalary, käwagytlar ýokary molekulaly spirtler, uglewodlar, pigmentler we başgalar bolmagy mümkin. Her hili ýaglaryň düzümini, ýaglarda erkin halda kislotalaryň bolmagy we ýagy emele getirýän çylşyrymly efirleriň düzümindäki kislotalaryň doýmadyklygyny (pridel däldigini) häsiýetlendirmek üçin derejeli himiki konstantlary kesgitlemek peýdalanylýar. Olardan kislota sany, sabynlaşmak efir sany, ýod sany ýaly konstantlar  hasaplanýar.

Ýaglar iki hilde bolýar׃ ösümlik we haýwan ýaglary. Ýaglaryň şu iki toparyň haýsysyna degişlidigini olaryň düzüminde holesteriniň ýa-da fitosteriniň bolmagy bilen  kesgitleýär, ýagny düzüminde holesterin bolan ýaglar haýwan ýaglaryna, düzüminde fitosterin bolan ýaglar bolsa ösümlik ýaglaryna degişlidirler.

Ynançmyrat KUWADOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
34443db891a9a73824f028d485fab0deddf18550 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Microsoft demirgazyk koreýaly “IT hünärmenleriniň” gizlin global toruny ýüze çykardy

28898278be031085d2f53282a2efb581 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Okatmagyň usullary hakynda düşünje we olaryň häsiýetnamasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop