akyldar sahyryn doredijilik alemi 06rXchMrOB THE ASHGABAT TIMES

MAGTYMGULY-SÖZ SUNGATYNYŇ USSADY

05.03.2024

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň — milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr. Dana Pyragy müňýyllyklardan bäri hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, kalbynyň giňligi we jomartlygy bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň synmaz edebi sütünleriniň biridir.Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün millionlarça adamlaryň aňyna, ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, mertligiň we gaýduwsyzlygyň özboluşly şygaryna öwrüldi.

 Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Magtym­guly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly be­ýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr».Türkmeniň beýik ogly, ahlagy we ynsany sypatlary nusgalyk bolan, at-owazasy dünýä dolan Magtymguly atamyzyň paýhaslar ummanyna deňelen döredijilik ussatlygy barada öz döwürdeşlerinden başlap, häzirki günlere çenli dürli milletleriň akyldarlary, alymlary özleriniň ajaýyp pikirlerini beýan edip gelipdirler.

Özüni halkyň azatlygy we abadançylygy ugrundaky göreşe bagyş edýän, şonuň üçin hem panydaky durmuşy tamamlanandan soňra hem jemgyýetde öz işleri we pikirleri bilen ýaşaýan adamy Magtymguly akyldarymyz ynsanperwer şahsyýet hasaplapdyr. Şeýle şahsyýet ýokary we ähmiýetli maksatlara gönükdirilmede ýaşap, oňa ýetmek üçin islendik kynçylyklara we böwetlere dözmeklige we ýeňip geçmeklige taýýar bolmaly. Adalatly,  hoşbagt  durmuş  ugrundaky  göreş  bilen  baglanyşykly  şeýle kynçylyga dözmekligiň hut özi ahlak edermenlik, ony amal edýän şahsyýet bolsa hakyky ruhy kämillik hökmünde öňe çykýar.

Magtymguly Pyragynyň agzybirlikde ýa­şamak, Watany ak ýürekden söýmek bara­daky arzuwlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowamaty bilen üstünlikli amala aşyrylýar.  Döwletiň üstünlikleriniň esasy çeşmesi parahatçylyk we agzybirlik bolup durýar. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň durmuşyndaky öçmejek yz goýan beýik akyldar bolup, tutuş adamzat beýik filosofyň we ynsanperwer şahyryň döredijiligine uly hormat goýýar.

Suraý GÖKIÝEWA
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
market 61931 640 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gymmat kanuny we nyrh

U8fVJxIXz7aBZglllzCek1W5kqCo6I 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Suw hojalyk kärhanalarynyň önümçilik işlerini seljermek üçin ulanylýan usullar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop