Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 27-nji noýabrda BMG-niň ösüşi utgaşdyrmak boýunça edarasynyň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Gwi-Yeop Son bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň ileri tutulýan ugurlar boýunça köpýyllyk strategiki hyzmatdaşlygynyň netijelerini ýokary bahalandyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli gün tertibini we respublikada durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler.
Mundan başga-da, söhbetdeşler respublika tarapyndan öňe sürülýän DÖM-e ýetmek, sebitde möhüm meseleler boýunça daşary syýasy başlangyçlaryň Birleşen Milletler Guramasy we birnäçe halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanylýandygyny bellediler.