Aşgabatda 27-nji noýabrda ITTC-2024 forumynyň çäginde “Ulagda zenanlar: liderlik we ösüş mümkinçilikleri” atly tematik sessiýa geçirildi.
Çykyş edenler, zenanlaryň ulag taslamalaryna gatnaşmagynyň prosesleri optimizirlemäge we haryt akymlaryny netijeli dolandyrmaga ýardam berýän täze pikirleri we çemeleşmeleri getirip biljekdigini bellediler. Olaryň pikiriçe, ulag we logistika pudagynda ýolbaşçylyk wezipelerinde işleýän zenanlaryň sany artmagyny dowam etdirýär we pudagyň ösüşi olara erkekler bilen deň derejede üstünlikli iş alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Çäre, logistika ulgamynda zenanlaryň mundan beýläkki ösüş ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin meýdança boldy. Gatnaşyjylar, zenanlaryň gatnaşmagynyň tutuş pudagyň netijeliligini we durnuklylygyny ep-esli ýokarlandyryp biljekdigi barada ylalaşdylar.