Türkmenistan we Iordaniýa 27-nji noýabrda onlaýn syýasy geňeşmeler geçirdiler. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Diplomatlar sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmelidigini bellediler.
Gepleşikde taraplar ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara komissiýa döretmek, iki ýurduň söwda-senagat palatalarynyň we işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, taraplar medeniýet, syýahatçylyk, ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlarynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerine seretdiler.