Dark
Light
24.01.2026
zasedanie v ashhabade THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň duşuşygy geçirildi

28.11.2024

Aşgabatda 27-nji noýabrda durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň ikinji ministrler duşuşygy geçirildi. Çäre “Halkara ulag-tranzit geçelgeleri: arabaglanyşyk we ösüş – 2024” konferensiýasynyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ulag ulgamlaryny global we sebit derejelerinde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem 2026-2035-nji ýyllar üçin BMG-niň durnukly ulag boýunça Onýyllygyna taýýarlyk görmekde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Taraplar bu düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ulag-logistika ulgamyndaky kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny, şol sanda bu pudakdaky sebit we global päsgelçilikleri azaltmagyň usullaryny, BMG agza döwletleriniň ulag ösüşi boýunça başlangyçlaryny öňe sürmegiň zerurdygyny bellediler.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar durnukly ulag boýunça Dostlar toparyna goşulmak isleýän täze agza döwletleri kabul etmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesinde taraplar Jemleýji Jarnamany kabul etdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 28.11.2024

8880fa97f69853e40489ba6f9cfa2783587f6843 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Alymlar beýniniň ösüşi baradaky köne teoriýalary ýalana çykardylar

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop