Ilkinji täze nesil BMW5 Moskwada hödürlendi

28.11.2024

Täze nesil BMW M5 ilkinji gezek Russiýada peýda boldy. Habarlara görä, VII nesil doly hereketlendirijili sedan 727 at güýjüne we 4,4 litr göwrümli hereketlendirijä eýe bolup, awtomatiki geçiriş gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem, awtoulagda yşyk duýujy enjam bar, ol yşyklandyryşa reaksiýa bildirip, faralary ýakýar, şeýle hem ýagyş duýujy enjam bar, ol ýagyşy duýup, aýna süpürijileri işledýär.

Awtosignalizasiýanyň açary ulagyň uzakdan dolandyrylmagyna mümkinçilik berýär, ogurlyga garşy gorag bolsa hereket wagtynda gulplamany amala aşyrýar. Häzirki zaman multimedýa ulgamy ses dolandyryşy, navigasiýa, smartfon üçin simsiz zarýad bermek, 12V rozetka, premium ses ulgamy, şeýle hem Bluetooth, CarPlay we USB-ni öz içine alýar.

Bäş orunlyk deri otagda beýikligi sazlap bolýan, bil goldawy bilen oturgyçlar ýerleşýär, şeýle hem panoramaly üçek, rul gyzdyryjy we bezeg yşyklandyryşy bar. Awtoulag durnuklaşdyryş ulgamy, sowadyjy, howa gözegçiligi we bort kompýuteri bilen enjamlaşdyrylandyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:50 am, Nov 29, 2024
temperature icon 10°C
облачно с прояснениями
Humidity 81 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:01 am
Sunset Sunset: 5:48 pm
Öňki taryh

Intel, ýaşasyn: ABŞ-nyň häkimiýetleri kompaniýanyň durmuşyny goldamak üçin 8 milliard dollar bölüp berer

Next Story

Samsung resmi taýdan Exynos 2600 çipsetiniň ýatyrylmagy baradaky myş-myşlary ýalana çykardy

Soňkylar Dünýä habarlary

GitTop