LG Display kompaniýasy 18 dýuýma çenli uzalyp bilýän, ýokary 100 PPI çözgüdini saklaýan täsin ekrany hödürledi. Täze nesil ekranlary döretmek üçin mikro-diod tehnologiýasy ulanyldy. Bu çemeleşme ýokary reňk berişi we ekranyň görnüşi üýtgese-de, şekiliň durnuklylygyny üpjün edýär, bu bolsa ony adaty ekranlar bilen deňeşdirilende has köpugurly edýär.
Ekran kontakt linzalarynda ulanylýan materialdan ýasaldy we dünýäde 50% uzalyp bilýän ilkinji ekran boldy. Adaty 12 dýuým ekran 18 dýuýma çenli, ýagny 50% ulalyp bilýär, şol bir wagtyň özünde doly reňkli şekili we ýokary çözgüdi üpjün edýär.
LG Display kompaniýasynyň aýtmagyna görä, uzalyp bilýän ekranlar ýeňil, inçe we eşik, deri ýaly tekiz däl egrem-bugram ýerlerde ýelmeşip bilýär. Bu bolsa dürli pudaklarda giňden ulanylmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.
LG Display – dünýäde iň uly inçe daşly tranzistor suwuk kristal displeýleriň, OLED matrisalarynyň we çeýe ekranlaryň öndürijilerinden we üpjün edijilerinden biridir. LG Display-iň baş edarasy Günorta Koreýanyň Seul şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagtda kompaniýa Günorta Koreýada, Hytaýda, Polşada we Meksikada dokuz önümçilik kärhanasyna we ýedi ýygnama zawodyna eýeçilik edýär.