Aşgabat forumynyň ITTC-2024 gatnaşyjylarynyň biri awtobus öndürmäge ýöriteleşen hytaý kompaniýasy Yutong Bus Co., LTD boldy. Awtoulag öndürijisiniň wekili Li Haifeng 27-nji noýabrda forumda çykyş edip, hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe teklipleri aýtdy.
Li Haifeng Yutongyň Türkmenistany 10 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşdygyny belledi. Kompaniýa wodorodly, elektrik we gibrid modelleri ýaly täze ýolagçy awtobuslaryny, adaty içki ýangyç hereketlendirijili ulaglara alternatiwa hökmünde hödürleýär. Hytaý telekeçisi bu “ýaşyl” awtobuslaryň atmosferada kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga we has pes ses derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.
Kompaniýanyň wekili Yutongyň birnäçe ýurda ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň köp mukdaryny eýýäm iberendigi we indi täze önümlerini türkmen bazaryna hödürlemäge taýyndygyny aýtdy. Şeýle hem, ol ekologiýa taýdan arassa ulag tehnologiýalary babatynda hyzmatdaşlygyň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmaga, howanyň hapalanmagyny azaltmaga we has howpsuz we amatly ýaşaýyş şertlerini döretmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.