Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky çuňňur many

30.11.2024

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary indi üç asyr bäri halkymyzyň dilinden düşmän, islendik durmuş meselesinde dogry çözgüde gelmäge ýol görkezýän şamçyrag, älem-jahan barada bilimleri öwrenmäge mümkinçilik berýän paýhas akabasy hökmünde görülýär. Halkymyz şahyryň goşgularynda häzirki döwre çenli dünýä ylmy tarapyndan öwrenilen hadysalaryň we çözülmedik syrlaryň kändigine ynanýar. Beýik filosofyň döredijiligi bilen içgin tanşanyňda, bu pikiriň hakykatdygy aýan bolýar. Çünki Magtymgulynyň goşgularynda takyk ylymlaryň kadalaryny düşündirýän setirler hem az däl.

Magtymguly Pyragy goşgularynda Ýer togalagynyň we asman giňişliginiň gurluşy barada gymmatly maglumatlary getirýär. Akyldaryň «Bu dünýä» diýen goşgusynda:

Maşrykdan magryba dünýäniň ýüzi,
Diýmäň, bize mälim däldir bu dünýä.
Abady-haraby, derýasy-düzi,
Ýüz kyrk alty müň agaç ýoldur bu dünýä. —

diýen setirler bar. Bu setirlerdäki «dünýä» sözi Ýer manysynda bolup, «maşryk» gündogary, «magryp» günbatary aňladýar. Goşgynyň soňky setirlerinde: «ýüz kyrk alty müň agaç ýoldur bu dünýä» diýmek bilen, şahyr Ýer togalagynyň älem giňişliginde kesgitli araçägi eýeleýändigini nygtaýar.

Magtymguly Pyragynyň «Gözel sen» diýen goşgusyny okanyňda, ilkibaşda gözel zenanyň keşbi göz öňüňe gelýär. Emma bu setirlerdäki gözelligiň ýaşaýşyň gözbaşy bolan gözel tebigatyň keşbi bilen utgaşýandygyny hem aýdyp bileris:

Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan Aýy, gözel sen.

Günüň şöhlesi ýere ýedi dürli reňkdäki şöhle görnüşinde inýär. Şol reňkler ýagyşdan soň şertli ýagdaý dörän badyna serpikdiriji ýalkym görnüşinde asman gurşawynda emele gelýän älemgoşarda aýdyň görünýär. Günden gaýdýan şöhläniň — ýagtylygyň we ýylylygyň Ýer ýüzünde ýaşaýşyň döremegi we dowam etmeginde ornuny başga bir zat bilen dolup bolmajak ähmiýetiniň bardygyny ylym tassyklaýar. Gök ösümlikler Gün energiýasynyň gerekli mukdaryny özüne kabul edip, howadan alýan kömürturşy gazy we ýerden alýan mineral duzy, suwy bilen organiki birleşmeleri – beloklary, ýaglary, uglewodlary we şuňa meňzeş maddalary emele getirýär. Diýmek, «Gün hanjary» arkaly gelýän energiýa Ýer ýüzüne ýaýrap, janly-jandarlaryň dem almagy üçin gerekli kislorodyň, iýmitlenmegi üçin zerur maddalaryň döremegini üpjün edýär.

Asman jisimi bolan Aý hem Ýer togalagynda ýaşaýşyň dowam etmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Gün ulgamyndaky beýleki planetalaryň hemralaryndan tapawutlylykda, Aýyň ululygy Ýeriň göwrüminden onçakly kiçi däldir. Häzirki zaman ylmy hut şu ýagdaýyň Ýer ýüzünde ýaşaýşyň döremeginde we dowam etmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny subut edýär. Aý ummanlarda bolup geçýän daşgynlara we gaýtgynlara, howanyň basyşyna, gyzgynlyk derejesiniň üýtgemegine, ýeliň hereketine we beýleki birnäçe hadysalara täsirini ýetirýär.

Akyldar «Ykbal bolmady» diýen goşgusynda:

Magtymguly haýran, her ýana bakar,
Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar?! —

diýýär. Görşümiz ýaly, türkmeniň beýik akyldary mundan üç asyr töweregi ozal geljekde tebigatda duş gelmeýän hadysanyň döräp biljekdigini welilik bilen aýdyp geçipdir. Häzir bu hadysa ylymda termoýadro reaksiýasy hökmünde bellidir. Munuň üçin ummanlaryň we deňizleriň suwunyň düzümindäki «agyr suwy» (D2O — wodorodyň agyr izotopy) herekete getirmek üçin 13 million dereje gyzgynlyk gerek bolýar. Şonda suwdan «ot çykýar», ýagny termoýadro reaksiýasy başlanýar. Bu reaksiýany doly dolandyrmak başardan ýagdaýynda adamzat üçin zerur bolan örän köp möçberde energiýa üpjün edilip bilner.

Beýik akyldaryň heniz ylym tarapyndan çözülmedik syrlary hem beýan edýän setirleriniň köpdügini ynamly aýdyp bileris. Şonuň üçinem şahyryň pähim-paýhas ummanyny diňe bir edebiýatçy alymlar däl, eýsem, ömrüni takyk ylymlara bagyş edenler hem gulaçlamalydyr.

Guwanç HALLYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:32 am, Dec 28, 2024
temperature icon 1°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 26%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:21 am
Sunset Sunset: 5:54 pm
Öňki taryh

Qualcomm we başga hiç kim ABŞ-nyň kömegi sebäpli Intel-iň ýarymgeçiriji işini satyn alyp bilmez

Next Story

Amazon-yň wideo işlemek üçin öz AI-sy bar

Soňkylar Makalalar

Osteohondroz

27.12.2024
Osteohondroz, çagalaryň we ýetginjekleriň süňkleriniň ösmegine täsir edýän keseller toparydyr. Bu ýagdaýlar, süňke gan üpjünçiliginiň kesilmegi bilen häsiýetlendirilýär, bu bolsa süňk nekrozyna we soňky

Beýni bozulmalary

27.12.2024
Beýni bozulmalary, beýniniň işleýşine täsir edýän dürli ýagdaýlary öz içine alýar. Bu bozulmalar, nerw ulgamynyň dürli böleklerinde ýüze çykyp, dürli alamatlar bilen häsiýetlendirilýär. Beýni

Ekerançylygyň adamzat taryhynda tutýan orny

27.12.2024
Ekerançylyk, adamzat taryhynda iň gadymy we möhüm işleriň biridir. Bu iş, adamlaryň öz iýmitlerini öndürmek üçin topragy ekmek we ösdürmek arkaly başlaýar. Ekerançylyk, diňe

Çagalarda Ensefalit Keseli

27.12.2024
Ensefalit, beýniniň ýanmagy bilen häsiýetlendirilýän çynlakaý ýagdaýdyr, köplenç ýokançlyklar ýa-da autoimmun hadysalar sebäpli ýüze çykýar. Çagalaryň arasynda iň köp duş gelýän sebäpler, “herpes simplex”

Dogry iýmitlenmegiň ähmiýeti

27.12.2024
Dogry iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegidir. Bedeniňiziň zerur bolan witaminler, minerallar we beýleki iýmitlik maddalar bilen üpjün edilmegi, saglygyňyzyň goralmagyna we güýçlenmegine kömek
GitTop