Dark
Light
24.01.2026
SgR87FCShK THE ASHGABAT TIMES

WI-FI TEHNOLOGIÝASYNYŇ HOWPSUZLYGY

23.01.2024

Wi-Fi torunda enjamlaryň arasynda fiziki baglanyşyk bolmaýar. Şeýle-de, Wi-Fi dürli şifrleme usullaryny ulanýar. Muňa mysal edip, WEP, WPA, WPA2, WPS protokollaryny bermek bolar. WPS (Wi-Fi Protected Setup) protokoly beýleki protokollara görä howpsuz diýip düşündiriş berilýär. Mysal üçin, Wi-Fi giriş nokadyny WPS protokoly arkaly çylşyrymly açarsözüň goraglylygy we şifrleme bilen üpjün etmek bolar.

Wi-Fi tehnologiýasynyň amatly taraplary

-Ykjamlylyk. Adamlar öz enjamlary bilen iş ýerlerinde, kitaphanalarda, seýilgählerde Wi-Fi tehnologiýasy arkaly Internet toruna baglanyp bilerler. Şeýle hem, “akylly” (Smart) enjamlara Wi-Fi modulyny ornaşdyryp, olary dolandyryp bilerler.

-Gurnalmagy aňsat, çykdajysy az. Simli, ýagny kabelli tora görä Wi-Fi toruny gurnamak aňsat. Şeýle-de, kabelli tory gurnamak üçin köp swiçler, kabeller satyn alynmaly bolýar. Wi-Fi toruny gurnamakda bolsa munuň ýaly çykdajylar az.

-Tora ulanyjy goşmak. Wi-Fi toruna ulanyjy birikdirmek üçin programma derejesinde mümkin, adaty torda bolsa goşmaça kabel hem gerek bolýar.

Wi-Fi tehnologiýasynyň amatsyz taraplary

-Howpsuzlyk. Soňky wagtlarda açarsözsüz ýa-da açarsözleri aňsat bolan Wi-Fi giriş nokatlaryna girmek mümkinçiligi aňsatlaşdy.

-Aragatnaşyk çägi. Adaty Wi-Fi torunyň aragatnaşyk çägi uzak aralykly däl. Muny giňeltmek üçin has köp enjam almaly bolýar.

-Aragatnaşyk hili. Şol bir kanalda işleýän käbir Wi-Fi nokatlary biri-biri bilen çaknyşyp bilerler we bu aragatnaşygyň hiline täsirini ýetirip biler.

Wi-Fi tehnologiýasyny nirelerde ulanyp bolar?

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde şäherimiziň ilaty we myhmanlary söwda nokatlarynda, dynç alyş merkezlerinde, myhmanhanalarda, şeýle hem seýilgählerde Internet hyzmatlarynyň Wi-Fi (simsiz) görnüşi bilen üpjün edilýär. Muňa mysal edip, “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi, “Ýyldyz” myhmanhanasy, “Ylham” seýilgähi, internet kafeleri bermek bolar. Bulardan başga-da, ilatymyza internet hyzmatlarynyň dürli nyrhnamalary hödürlenýär. Şunuň bilen baglanyşykly, çäksiz internet nyrhnamasyny mysal hökmünde bermek bolar. ADSL internet simini Wi-Fi routere baglap, çäksiz internet nyrhnamasyny kompýuter-aragatnaşyk enjamlarynda simsiz ulanyp bolýar. Wi-Fi tehnologiýasyny iş we okuw maslahatlarynda, ýygnaklarda, sergilerde hem ulanyp bolýar.

Dürli pudaklarda, dürli taslamalarda bu tehnologiýany ulanmak bolar. Mysal üçin, banklar internet bank hyzmatlarynda, müşderiler banka gelende öz kompýuter-aragatnaşyk enjamlaryndan bankyň Wi-Fi toruna, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek bilen, baglanyp, hasaplaryny, töleg taryhlaryny, bankyň web saýtyny görüp bilerler. Beýleki ykdysady edaralar hem müşderilerden hasabat almakda, resminamalary kabul etmekde Wi-Fi tehnologiýasyndan peýdalanyp bilerler. Şeýlelikde, işiň netijeliligi artar we wagt tygşytlylygy bolar.

Orazgeldi PATDYKOW
Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

eHPllRUUBd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ÖNÜM SAKLAMAGYŇ SYRLARY

Rl9Z4scHXI THE ASHGABAT TIMES
Next Story

MUNY BILMEK GYZYKLY

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop