30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň administrasiýasynda Türkmenistanyň milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze eseriniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap türkmen we iňlis dillerinde neşir edildi.
Eser “Sözbaşy” we iki bölümden ybarat. Birinji bölümde türkmenleriň şöhratly geçmişi we ýurduň çäginde saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler barada gürrüň berilýär. Ikinji bölümde milletiň mirasyny düzýän ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligi beýan edilýär. Täze kitaby döretmekde Gahryman Arkadagymyz ozal ýazylan eserlerini we täze ýüze çykarylan taryhy tapyndylaryň esasynda ýygnalan maglumatlary ulandy.
Çärä gatnaşyjylar täze kitabyň Gahryman Arkadagymyzyň paýhasynyň merjeni bolup, eserde halkyň şöhratly taryhy we döredijilik mirasy barada täsin maglumatlary jemländigini bellediler. Çykyş edenler Halk Maslahatynyň başlygyny täze kitabyň neşir edilmegi bilen gutladylar we döredijilik işi üçin minnetdarlyk bildirdiler.