106de8cd 9cab 42d2 86e8 deec5e4e059b THE ASHGABAT TIMES

Ulag ulgamynda uly ösüşler

09.12.2024

Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar.

Döwlet hem halkara ähmiýetli ýollaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen bir hatarda, welaýat, etrabara derejedäki ýollaryň gurulmagy babatda-da netijeli işler alnyp barylýar. Çünki döwletimiziň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösüşi netijeli hereket edýän ulag düzümi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýollaryň giň gerimli gurluşygy ähli sebitlerde täze iş orunlarynyň döredilmegine, welaýatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň amatly bolmagyna, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr awtoulag akymlarynyň artmagyna ýardam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda howa ulagynyň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy enjamlar ornaşdyrylan täze howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda geçirijilik mümkinçiligi sagatda 1600 ýolagça deň bolan Aşgabadyň Halkara howa menzilini, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherleriniň Halkara howa menzillerini görkezmek bolar.

Türkmenistan sanlylaşdyrmak, serhetüsti daşamalarda gümrük işini kämilleşdirmek, ulag akymlaryny çaltlandyrýan häzirki zaman ulgamlaryny we gurallary ornaşdyrmak bilen, ulag ulgamynyň dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga çalyşýar. Umuman, ulag ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we netijeli dolandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ykdysadyýeti durnukly we okgunly ösdürmegi, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Merjen AKMYRADOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
616a487708ceb707118421 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gurluşyk we senagat toplumynda yzygiderli ösüşler

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

SÖZLEÝIŞDE AHALTEKE BEDEWI BILEN BAGLANŞYKLY ZOOMORFIZMLER

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop