Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli dynç almaklaryna, okamaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ösüp gelýän ýaş nesil hakynda hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň, halkymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň saglygyny goramak maksady bilen, ugurdaş desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Däp bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tutuş ýurdumyzda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde konsertler, sergiler, ýaryşlar, sport çäreleri geçirilýär, sahna oýunlary görkezilýär. Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn, howpsuz, beden, ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri, ukyp-başarnyklaryny açmaklary üçin şertleri özünde jemleýän durmuş gurşawy kemala getirildi. Bilim özgertmeleri, uly möçberdäki döwlet maýa goýumlary bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, ugurdaş düzümleriň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Bagtly çagalygyň ýurdy bolan Türkmenistanda ýaş nesliň saglygyny berkitmek meselesi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bagtyýar çagalaryň ýüzündäki şatlyk, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, saglygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň anyk beýanydyr.
Läle MAKSADOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby