Eziz Diýarymyzy ösdürmek, uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, onuň düzümleýin esasyny kämilleşdirmek şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi her ýyl täze binalardyr desgalar bilen has-da gözelleşýär. Olar Türkmenistanyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Şunuň bilen bir hatarda, şäheriň ulag-kommunikasiýa, inženerçilik-tehniki we ugurdaş düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak, olary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap ýollar, pyýadalar üçin ýodalar, ýerasty, ýerüsti geçelgeler, duralgalar, ýol aýrytlary, köprüler ulanmaga berlip, täzeleriniň gurluşyklary dowam edýär. Paýtagtymyzyň barha özgerýän häzirki keşbinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, köpugurly kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy, medeni däp-dessurlary öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň sebitleri hem hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Olaryň toplumlaýyn ösdürilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde we obalarda ilatyň ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy, ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän ähli desgalaryň esasy aýratynlyklarynyň biri-de olaryň binagärligiň gadymdan gelýän milli däplerini we şähergurluşyk ýörelgeleriniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýänligindedir. Bu bolsa döwletimiziň gurluşyk pudagynyň ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerini, dünýäniň iň gowy işläp taýýarlamalaryny üstünlikli utgaşdyrmak arkaly döwür bilen aýakdaş ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegi we halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagy baş maksat edinýän döwlet maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk-senagat toplumynyň ähmiýetli ornuny hemmetaraplaýyn ykrar etmek bilen, bu meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn we ýokary jogapkärçilikli çemeleşýär.
Oraz ORUNOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby