“Berkarar Döwletiň Täze Eýýamynyň Bagtyýar Gerçekleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň netijeleri

04.05.2024

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda, 3-nji maýda Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýigitleriniň arasynda “Berkarar Döwletiň Täze Eýýamynyň Bagtyýar Gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Emin agzalary hökmünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri Wepa Öwezow, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilim bölüminiň orunbasary Baýram Saryýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internadynyň tans mugallymy Serdar Gurbanow, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky akademika drama teatrynyň sahna ussady Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Kerimow we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgüniň estrada artisty toparynyň ýokary derejeli artisti, wokalist Türkmenistanyň halk artisty Myrat Baýramgeldiýew gatnaşdy.

Bu bäsleşik üç şertden ybarat bolup, bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp ýigitler özleriniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bilen baglanyşykly aýdymdyr sazlar, goşgudyr sahnalar ýerine ýetirildi. Bäsleşigiň üçünji şertine laýyklykda, bäsdeş ýigitler ýekelikde şorta sözlerdir gülküli sahnalary şowly ýerine ýetirip, dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.

Emin agzalaryň adalatly beren kararyna laýyklykda bäsleşigiň ýeňijileri:

BAŞ BAÝRAK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Kurdow Mekan.

I ORUN

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Baýramow Begenç.

II ORUN

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Garlyýew Akmyrat.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Ýazdurdyýew Muhammetaly.

III ORUN

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Atabaýew Hydyr.

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Nazarmät Tirkeşmädow.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Hallyýew Meýlis.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:41 am, Nov 23, 2024
temperature icon 11°C
облачно с прояснениями
Humidity 76 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Amerikada horlanmak üçin dermanlar öran köp ulanylyp başlandy

Next Story

Kabul edişiň psihologiýasy, ony öwrenmegiň ähmiýeti

Soňkylar Habar

GitTop